MYRAT GARRYÝEW ADYNDAKY TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET LUKMANÇYLYK UNIWERSITETI 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär: I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda): 1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa). 2. Saglyk baradaky ylymlar we keselleriň öňüni alyş lukmançylygy (hünärler: dikeldiş we sport lukmançy-lygy; lukmançylyk-durmuş işi). 3. Harby lukmançylyk (hünärler: bejeriş-öňüni alyş işi; arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy gö-reşmek işi). II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 1. Kliniki lukmançylyk (hünärler: bejeriş işi; pediatriýa; stomatologiýa). 2. Saglyk baradaky ylymlar we keselleriň öňüni alyş lukmançylygy (hünär: saglygy goraýyş-öňüni alyş işi). 3. Farmasiýa (hünär: farmasiýa). Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary, harby lukmançylyk ugruna — çagyryş boýunça harby gullugy geçen, 24 ýaşy dolýança erkek raýatlary ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan 25 ýaşy dolýança erkek raýatlary, şeýle hem borçnama boýunça harby gullugy geçýän, ofiser harby ady bolmadyk 24 ýaşy dolýança erkek harby gullukçylary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şä-herinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman sena-gaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölüm-den) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkme-nistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyk-laýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren da-laşgär ýokarda görkezilen resmi iş kagyzlaryndan başga-da: — ene-atasynyň oglunyň harby gullukçy bolmagyna we ýokary okuw mekdebini tamamlanyndan soň Türkmenista-nyň islendik künjeginde harby gullugy geçmekligine razyly-gy baradaky dil hatyny, — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Maglumatlar merkezinden berlen güwänamany, — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünden berlen ýokary harby okuw mekdeplerine gir-ýänleriň lukmançylyk güwä geçmesiniň kartasyny tabşyrýar. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi harby saglyk öýünde gutarnykly güwä geçmesinden geçmek üçin hemişelik ýaşaýan ýerindäki psihonewrologiýa, narkologi-ýa, inçekesele garşy we deri-wenerologiýa hassahanala-ryndan, şeýle hem maşgala lukmanyndan sagaldyş gö-zegçiliginde durmaýandygy baradaky kepilnamalar zerur. Harby lukmançylyk ugruna okuwa kabul etmekligiň şert-leri baradaky goşmaça maglumaty Myrat Garryýew adyn-daky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resmina-malary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatna-masyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden gü-wähatyny. Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 6-sy we 8-i gün I eri; Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 4-5-i, 7-si we 9-y günleri; Mary we laýaty — awgust aýynyň 10-11-i, 13-i we 15-i günleri; Balkan we laýaty — awgust aýynyň 12-si, 14-i we 16-sy gün leri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 17-18-i, 20-si we 22-si günleri; Ahal we I aýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 23-i gün I eri. Giriş synaglary ähli hünärler boýunça biologiýa, himi-ýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Harby lukmançylyk ugruna okuwa girmäge isleg bildiren dalaşgärler beden taýýarlygy boýunça kadalary (möçber-namalary) (100 m, 3 km ylgamak; göwräňi çekmek) ýerine ýetirýärler. Ýaşlaryň saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, olar patologoanatomik edaranyň işi bilen tanyşdyrylar. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäs-leşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan: — lukmançylyk mekdeplerini tamamlan we saglygy go-raýyş edaralarynda 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar; — «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň reje-lenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., A.Gowşudow köçesi, 58; tel.: 92-71-09

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir