Häzirki wagtda dowam edýän tomsuň yssy günlerinde saglygyňy durnukly saklamak, kesellerden goranmak esasy wezipe bolup dur­ýar. Hut şonuň üçin tomsuna hökman ýerine ýetirilmeli düzgünler bar. Tomsuna bedendäki suw deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Howanyň aşa gyzmagy bilen, bedenden köp mukdarda suwuklyk der üsti bilen bölünip çykýar. Fiziki hereket bilen meşgullanýanlarda bu has-da ýokary. Munuň özi diňe bir bedeniň suw deňagramlylygyny bozman, eýsem ganyň goýulaşmagyna getirýär. Suw deňagramlylygynyň bozulmagy bedende gan aýlanyşygynyň bozulmagyna we insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin hem yssy howada günüň dowamynda 1,5-2 litre golaý arassa agyz suwuny içmeli. Gök çaý hem yssy howada suwsuzlygyňy gandyrmak üçin peýdalydyr. Bedendäki suw deňagramlylygyny saklamakda gök önümler, miweler, ir-iýmişler hem ýardam edýär. Tomsuna ýagly, gowrulan, kakadylan, duzly, süýji önümlerden saklanmaly. Çünki olar has hem suwsadýar. Buglanan ýa-da gaýnadylan naharlary, işdäaçarlary iýmek peýdalydyr. Tiz taýýar bolýan tagamlary iýmeli däl, çünki olar kynlyk bilen siňýär. Günüň dowamynda az-azdan birnäçe gezek iýip-içmeli. Yssy howada der bilen bile bedenden zerur witaminler we minerallar hem çykýar. Netijede, özümizi agyr duýýarys, ysgynsyz bolýarys, immunitetimiz peselýär. Şonuň üçin hem hünärmenler köpräk gök önümleri we otlary, miwedir ir-iýmişleri iýmegi maslahat berýärler. Olary iýmezden öňürti gowy edip ýuwmaly. Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Nahary diňe bir gezeklik taýýarlamaly, çünki yssy howada önümler çalt zaýalanýar we iýmit zäherlenmesiniň esasy sebäbi bolýar. Söwda merkezlerinden önümleri satyn alanyňyzda, hökman möhletine we we saklanyş düzgünine seretmeli. Tomsuna zerurlyk bolmasa, Günüň aşa gyzan çagynda daşaryk çykmaly däl. Köçä çykylanda, Gün urmasyndan goranmak üçin ak ýa-da açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk atynmak, saýawan götermek, Günden goraýjy äýnekleri dakynmak maslahat berilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 9 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir