Fransiýanyň “PSŽ” futbol kluby resmi saýtynda argentinaly hüjümçi Lionel Messiniň gidýändigini habar berdi. Muny rsport.ria.ru ýetirýär. “Klub Leo mundan beýläkki karýerasynda hem uly üstünlikleri arzuw edýär” – diýlip, klubuň beýanynda bellenilýär. Messi 2021-nji ýylyň tomsunda “PSŽ-niň” oýunçysy boldy, ol “Barselona” bilen şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň bu kluba erkin agent hökmünde geçdi. Ol “PSŽ” üçin jemi 74 oýna gatnaşyp, 35 gol geçirdi we 35 netijeli geçirim etdi. Topar bilen bilelikde Fransiýanyň iki gezek çempiony boldy we ýurduň Super kubogyny utdy. Messi 35 ýaşynda, ol “Altyn topuň” ýedi gezek eýesi, Çempionlar ligasynyň dört gezek ýeňijisi, Ispaniýanyň 10 gezek çempionydyr. Dekabr aýynda argentinaly oýunçy dünýä çempiony, 2021-nji ýylda Amerikanyň Kubogynyň eýesi boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir