“Red Bulluň” sürüjisi Maks Werstappen Barselonadaky “Katalunýa” awtodromynda geçirilýän “Formula-1” çempionatynyň sekizinji tapgyry bolan Ispaniýanyň Gran-prisiniň saýlama ýaryşynda ýeňiş gazandy. Umumy sanawda lider bolan niderlandiýaly sürüjiniň iň gowy aýlawy 1 minut 12,272 sekunt boldy. Ýekşenbe güni geçiriljek esasy ýaryşda ikinji bolup “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns (yza galyş 0,462 sekunt), üçünji – “Maklarenden” Lando Norris (+0,520) badalga alar. Şeýle-de, ilkinji onluga şular girdi: 4. Pýer Gasli (“Alpin”); 5. Lýuis Hemilton (“Mersedes”); 6. Lens Stroll (“Aston Martin”); 7. Esteban Okon (“Alpin”); 8. Niko Hýulkenberg (“Haas”); 9. Fernando Alonso (“Aston Martin”); 10. Oskar Piastri (“Maklaren).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir