Hüjümçi Zlatan Ibragimowiç möwsümiň ahyrynda “Milany” terk eder. Bu barada Italiýanyň futbol klubunyň beýanyna salgylanyp, AFP habar berýär. Muny rsport.ria.ru ýetirýär. Ýekşenbe güni Milanda geçiriljek Italiýanyň çempionatynyň jemleýji, 38-nji tapgyrynyň “Werona” garşy oýny Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi üçin “Milanyň” düzüminde iň soňky oýun bolar. “Ýekşenbe güni agşam möwsümiň soňky oýnundan soň “Milan” gysga dabara arkaly Ibragimowiç bilen hoşlaşar. Klub Zlatana bilelikde geçirilen ajaýyp wagt üçin minnetdarlyk bildirýär” – diýlip, beýanda aýdylýar. Häzirki möwsümde Ibragimowiç “Milan” üçin dört oýna gatnaşyp, bir gol geçirdi. Ol möwsümiň köp bölegini saglyk ýagdaýy sebäpli sypdyrmaly boldy. Öň, HBS 41 ýaşly Ibragimowiçiň “Monsa” klubuna geçmek barada ylalaşandygyny habar berdi. “Milanyň” düzüminde Ibragimowiç 163 oýna gatnaşyp, 93 gol saldy, Italiýanyň çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir