17-nji iýunda planetalaryň parady ýa-da olaryň deňleşmesi bolar. Bu astronomiki hadysa Gün ulgamynyň birnäçe planetasynyň Günüň bir tarapynda 20-30°-da ýaýramagy bilen ýüze çykýan hadysadyr. Bu barada Starwalk Space portaly habar berýär. 17-nji iýunda ir bilen Saturn, Neptun, Ýupiter, Uran we Merkuriý asmanyň 93 gradusly sektorynda hatara düzüler. Bütin Ýeriň ýaşaýjylary bu hadysany hiç bir enjamsyz, öz gözleri bilen synlap bilerler. Şol bir wagtyň özünde, Neptuny we Urany görmek kynrak bolmagy mümkin. Kosmiki hadysany görmek üçin wagty dogry saýlamaly: ýerleşýän ýeriňizde daňyň atýan wagtyny bilmeli we azyndan bir sagat öň tomaşa edip başlamaly. Ýupiter asmanda ilkinjileriň hatarynda görner – ony 16-njy iýundan 17-nji iýuna geçilen gijäniň ýarynda synlamak mümkin bolar. Dürbiniň kömegi bilen Balyklar ýyldyzlar toplumyndaky ilkinji planetadan takmynan 10° aşakda boljak Neptuny görüp bilersiňiz. Birnäçe wagtdan soň asman Ýupiteriň we Uranyň şöhlesi bilen bezeler we Merkuriý gözýetimde iň soňky peýda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir