Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň Mergen Orazowyň baştutanlygyndaky tälimçiler ştaby toparyň Merkezi Aziýanyň futbol birleşmesiniň birinji çempionatyna gatnaşjak gutarnykly düzümini atlandyrdy. 25 oýunçydan ybarat bolan ýüz tutma Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda çap edildi. 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli Daşkentde we Bişkekde geçjek ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndysy A toparda Täjigistanyň, Özbegistanyň we Omanyň toparlary bilen oýnar. Türkmen toparynyň düzümine şular girdiler: Derwezebanlar — Rasul Çaryýew («Arkadag»), Batyr Babaýew («Altyn asyr»), Döwletýar Berdiýew («Köpetdag») Meýdançadaky oýunçylary — Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Arzuwguly Sapargulyýew, Mekan Saparow, Ilýa Tamurkin, Resul Hojaýew, Welmyrat Ballakow, Yhlas Saparmämmedow, Didar Durdyýew, Arslanmyrat Amanow, Şanazar Tirkişow, Begmyrat Baýow, Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow («Arkadag»); Ahmet Ataýew, Myrat Annaýew («Altyn asyr»); Ata Geldiýew, Meýlis Diniýew («Ahal»); Teýmur Çaryýew («Abdyş-Ata», Gyrgyzystan), Mirza Beknazarow («Narwa-Trans», Estoniýa).

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir