Nobatguly Rejebowyñ goshgularyndan! *** Yzky parta Ne parta çüý bilen ýazýan adymy, Ne ýashlygyn gaýtalaýan Gajaryñ. Ýuwash mugallymlañ depesine çykyp Ne öñküm deý getirýärin gaharyn. Ne burçda durmadan tapýaryn takat, Ýogsa burç meñkidi. Örän dagaldym. Saña akyl geldi diýip her sagat Indi meni taryp edýär mugallym. Akyl gelme nire? Yzky partada, Otyr meniñ ulalmagmyñ sebäbi. Çemen ýaly gyzyl-ýashyl partada Otyr meniñ özgermegmiñ güwäsi. Düýnki men deý shallaklashýan oglanlar Hem-ä gülkünç, Hem olara gyýylýan. Ertirinden garap olañ bolshuna Men garagol düýnüm üçin uýalýan. Nirde böwrüm byjykladýan betligim Hem ynjaldýan garagolluk nirede?! Yzky parta dur durshy deý serhetiñ Shu gün bilen çagalygym arada. Yzky parta, yzky ak gyzly parta, Yzymdan bakyp dur sheýle bir ýowuz. Shikesli deý utanýaryn ýeñsamden, Yzky parta meniñ basyp dur howum. Sheýle golaýymda duýup bagtymy, Otyryn tagta däl, Geljege garap. "Saña akyl geldi" diýýär mugallym ...A men akyl-hushdan düshüpdim yrak. *** Yshkdan galan yz Söýgi ok deý girip gitdi döshüme, Awusyn gyzgynma duýmandyryn men. Ol menden gelshi deý geçip gidipdir, Dem salymda öwrüp meni jesede... Nirde söýgim? Ah çekdim men oturyp. Söýgiñ giren ýeri bildirmese-de, Gidipdir ol çykan ýerin opuryp. *** Gözleg Nirede sen, Haýsy jelegaýda sen Nirelerden çykardy señ täleýiñ? Gije düýshüm, gündiz durmushymdyñ sen Men durmushdan jyda düshdüm, Nädeýin. Seniñ dakynjak ýüzügiñ, Ýatyr deñziñ düýbünde Senden alynjak posa Galdy meniñ düýshümde. Söýgümiz soldy gitdi, Seniñ düýnüñde, Meniñ düýnümde. Nirede sen? Seslen! Bar bolsañ eger, Galam ömrüm ýollara bagsh ederin. Men seni taparyn ýeriñ ýüzünden Ýogsa, seni gözläp ýiter giderin... *** Keýik Çebshejikkä getirlipdi shu öýe, Ynsandy gözüniñ ilki göreni. Ýadyrgady. Tutundy soñ eneke Öýüñ enesini çölüñ jereni. Ol ot iýdi oglanjygyñ elinden, Gyrjagazyñ bedresinden suw içdi. Bir gün bolsa geçip ynsan mährinden Ganynda bar çöllerine gowushdy. Aýlar-günler geçdi... Bu jelegaýa Gaýdyp garasyny salmady keýik. Agtyklarna akyl berdi ol goja "Görsem, shahyr Nepes mamladyr" diýip. Üç ýyl geçip, ýetende üç ýashyna Gijäñ tümlügini ýuwanda säher, Ýaralanyp, ýegsherip bir ýanyna Ak çägeden oba indi janawer. Tanysh itler garshy aldylar üýrmän, Keýijek garnyndan sarkdyryp ganyn, Gelip aýagyna sessiz ýykyldy Mähriban enäniñ, Tanysh gojanyñ. Iki öñ aýagna kellesin goýup Kynlyk bilen açanynda gözüni, Balkyldaýan görejinde keýigiñ Oñ naýynjar hoshallygy göründi. Keýik endiredi ýel degen per dek, Bozardy ýash-jahyl, Bozuldy garry. ...Öz öýüñe gelip, süýnüp jan bermek Haýwana, ynsana eziz bolarly.

Köneler, Camry tarapyndan 13 years ago
    mirasymyz 13 years ago
  • Camry dost, sagbol. n. rejepowyň adyny eşidýädim. şo hakda azajyk ýazsaň!
    Camry 13 years ago
  • Nesip bolsa Mirasymyz!
    Servi 13 years ago
  • Nesip biolsa Nobatguly Rejebowyn goshgylar ýygyndysyny okap göräýseň!Sposibo!ýene-de gowja goşgujyklar ýazyp dur!
    HAI 13 years ago
  • Yat illerde gechyar menin yashlygym,
    H A I - da okan yyllam yatdan cykmaz achlygym,
    Garnym doysa keypim bolsa 1-2 setir joshdygym,
    Gysgacha sheylerak menin talyplyk yyllarym.

    Gazet, jurnal, kitap, depder menin ahli baylygym,
    Jubumde-de it ulayar nadeyin??? Yok aylygym,
    Her sagadym hepda dondi zordan gecyar aylarym ,
    Hic dynmajak yaly gecyar menin talyplyk yyllarym.

    Cilim ceksem soger diyip ejem dushyar yadyma,
    Sogdurinmerin , ach wagtym-a yetishmedi dadyma,
    Oyun edyanlay bashym gurban ejemjanyn adyna,
    Dogan gardasa zar etdi menin talyplyk yyllarym.

    Sesiya wagty yakynlashsa dunye dar goruner sana,
    Kitaplan bilen gurleshsip her gun yetersin dana,
    Dync alara wagt tapmarsyn Wyshka, Fizikadan yana,
    Paralar bilen yadow gecyar menin talyplyk yyllarym.

    Yat illerin gyzlary hem hic owadan bolanok,
    Yuzun yuzlerine gulse hem hic yuregin gulenok,
    Turkmen gyzynyn yerine hic gozel tay gelenok,
    Gyzsys yakdy menin yaslygymy menin talyplyk yyllarym !!!!!!
    Madem 13 years ago
  • Sagja bol Camry dost
    Camry 13 years ago
  • Hai sag bol señem goshgyña! Muny özüñ düzdüñmi dost, gowy goshgy eken!
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri