2023-nji ýylyň 11-15-nji maýy aralygynda Litwa döwletiniň Wilnýus şäherinde geçirilen VILIPO-2023 (Wilnýus halkara taslama olimpiadasy) atly olimpiadasyna Türkmenistandan baran mekdep okuwçylary 2 sany altyn hem-de 2 sany kümüş medal gazandylar. Hususan-da, VILIPO-2023 olimpiadasynyň jemi boýunça Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän 97-nji orta mekdebinden 11-nji synp okuwçylary Kulyýewa Orazgül we Begliýewa Aýnur kümüş medallary, Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mahmudow Mahmyt altyn medala, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Muhammedow Şamuhammet bäsleşigiň baş baýragy bolan altyn medala mynasyp boldular. Olimpiada 21 döwletden (Türkmenistan, Litwa, Azerbaýjan, Bosniýa, Kolumbiýa, Çehiýa, Germaniýa, Gana, Wengriýa, Indoneziýa, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Kosowa, Makedoniýa, Mozambik, Nigeriýa, Katar, Rumyniýa, Tanzaniýa, Beýik Britaniýa) okuwçylar 100-den gowrak taslama işini hödürlediler. Bu abraýly halkara bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan topar gatnaşdy. Bu bäsleşikde biziň toparymyzyň adyndan Aşgabat şäheriniň iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Mahmudow Mahmyt, Aşgabat şäheriniň dil dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän 97-nji orta mekdebinden 11-nji synp okuwçylary Kulyýewa Orazgül we Begliýewa Aýnur, Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebinden 9-njy synp okuwçysy Nuryýew Abdulkaýum, 10-njy synp okuwçysy Muhammedow Şamuhammet hem-de 11-nji synp okuwçysy Nuryýew Emir gatnaşdy. Topara Aşgabat şäheriniň iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy Ahmet Ballyýew ýolbaşçylyk etdi.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir