“Soçi” futbol kluby özüniň resmi Telegram kanalynda Gurban Berdiýewiň klubuň baş tälimçisi wezipesinden gidendigini habar berdi. Muny championat.com ýetirýär. Klubuň baş tälimçisiniň wezipe borçlaryny ýerine ýetiriji hökmünde bolsa Dmitriý Hohlow bellendi. “Soçi” futbol kluby Gurban Bekiýewiçe mundan beýläkki karýerasynda we durmuş ýolunda üstünlik arzuw edýär. Hünärmene bilelikdäki işleri üçin minnetdarlyk bildirýäris” – diýlip, klubuň beýanynda aýdylýar. 70 ýaşly Berdiýewiň “Soçiniň” baş tälimçisi wezipesine bellenendigi barada geçen ýylyň noýabrynda mälim edildi. Hünärmeniň ýolbaşçylygynda soçililer bäş oýun geçirip, iki ýeňiş gazandylar we üç ýeňlişe sezewar boldular. Häzir “Soçi” Russiýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde 22 oýunda 31 utuk gazanyp, dokuzynjy orny eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir