Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) 20 agzadan ybarat Futbol geňeşini döretmek kararyna geldi. Bu geňeşiň düzümine Zinedin Zidan, Žoze Mourinýu we Karlo Ançelotti hem girer. Geňeş oýny ösdürmek boýunça teklipleri düzmek bilen meşgullanar. Bu barada Frans Press habar berýär diýip, rsport.ria.ru belleýär. Habar berlişi ýaly, UEFA-nyň döredilmesi birleşigiň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Lissabondaky mejlisde tassyklanan Futbol geňeşi özüniň ilkinji mejlisini 24-nji aprelde Nýonda geçirer. Täze edara “Milan” italýan klubunyň öňki oýunçysy Zwonimir Boban ýolbaşçylyk eder. Geňeşe Ronald Kuman, Mikael Laudrup, Peter Çeh, Ýurgen Klinsmann, Rudi Feller, Filipp Lam, Luiş Figu, Paolo Maldini, Fabio Kapello we Garet Sautgeýt hem girer.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir