Argentinanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde birinji orna çykdy, reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi diýip, sport-interfax.ru habar berýär. Häzirki dünýä çempiony mundan öň ikinji orny eýeleýärdi. Öňki lider, Braziliýanyň milli topary üçünji setire düşdi. Ikinji orna bolsa üçünji orundan Fransiýanyň milli ýygyndysy geçdi. Dördünjiden onunja çenli orunlary eýeleýän toparlaryň sanawy üýtgewsiz galdy: Belgiýa, Angliýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Italiýa, Portugaliýa, Ispaniýa.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir