104 ýurtdan türgenler Özbegistanda geçiriljek erkekleriň arasyndaky boks boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin hasaba alyndylar. Bu barada Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) metbugat gullugy habar berýär diýip, sport-interfax.ru belleýär. Umumy alanyňda, 13 agram kategoriýasynda çykyş etmek üçin 640 türgen ýüz tutdy, şol bir wagtyň özünde hasaba alyş 14-nji aprele çenli uzaldyldy. Ýaryşyň baýrak gaznasy iki esse artar – 5,2 mln ABŞ dollary. Ýeňijiler 200 müň dollardan, kümüş baýrakçylar 100 müň dollardan, bürünç baýraklarynyň eýeleri bolsa 50 müň dollardan alar. Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy 30-njy aprelde geçiriler, finallar 14-nji maýa meýilleşdirilýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir