Uly tuwulga ýaryşlarynda erkekleriň arasynda ýekelikde rekord gazanan ispaniýaly Rafael Nadal Monte Karloda geçiriljek Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) “Masters” seriýasynyň ýaryşyna gatnaşmaz. Sişenbe güni bu barada Twitter ýazdy. Nadal: "Men entek iň ýokary derejede bäsleşmäge taýyn däl. Karýeramdaky iň möhüm ýaryşlaryň birinde - Monte Karloda oýnap bilmerin. Taýýarlanmagy dowam etdirýärin we ýakyn wagtda dolanyp gelerin diýip umyt edýärin" - diýdi. 2023-nji ýylyň başynda Nadal iki sany ýaryşy - amerikan Indian-Uellsinde we Maýamide “Masters” ýaryşyny duşundan geçirdi. Şeýle hem sişenbe güni dünýäniň ikinji raketasy, ispaniýaly Karlos Alkaras we dünýä reýtinginde ýedinji orny eýelän kanadaly Feliks Ože-Alýassim Monte Karloda geçiriljek ýaryşa gatnaşyp bilmejekdiklerini habar berdiler. Iki tennisçi hem şikesler sebäpli ýaryşa gatnaşmaz. Nadal Monte Karlo ýaryşynda 11 gezek ýeňiji bolup, ispaniýaly türgen soňky gezek 2018-nji ýylda ýeňiş gazanypdy. Bäsleşigiň häzirki ýeňijisi grek Stefanos Sisipas. Monte Karloda geçirilen bäsleşikde Russiýadan ýeňiji bolan ýeke-täk tennisçi 1990-njy ýylda ýeňiş gazanan Andreý Çesnokowdyr. 2023-nji ýylda Monte Karloda ýaryş 8-16-njy aprelde geçiriler. Nadal 36 ýaşynda we ATP-yň reýtinginde 14-nji ýerde durýar. Ispaniýaly türgen, Uly tuwulga-nyň 22 ýaryşyny goşmak bilen, ATP-yň howandarlygynda geçen 92 ýaryşynda ýeňiş gazandy. Serb Nowak Jokowiç hem Uly tuwulga-nyň şonça ýaryşynda ýeňiji boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir