Garyşyk söweş sungatynyň türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow Bellator-yň täzelenen reýtingindäki ornuny ýokarlandyrdy. Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän Ýagşymyradow bir orun ýokary galdy we reýtingde altynjy orny eýeledi. 10-njy martda San-Hose (Kaliforniýa, ABŞ) şäherinde geçirilen Bellator 292 ýaryşynyň çäginde türkmen pälwanynyň litwaly Žulius Anglikasy ýeňendigini ýatladýarys. 33 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator bilen şertnama baglaşyp, bu guramadaky ilkinji türkmenistanly pälwan boldy. Türgeniň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar. Ýarym agyr agram derejesindäki atletikaçylaryň sanawynda birinji setiri russiýaly Wadim Nemkow eýeleýär. Ikinji orunda ABŞ-ly Kori Anderson, üçünji orunda bolsa onuň watandaşy Fil Dewis durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir