Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan geçirilýän «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly integrirlenen olimpiadanyň II tapgyryna (welaýat we Aşgabat şäher tapgyry) ýokary derejede taýýarlyk görülýär. II tapgyr 8-nji apelde 9-10-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda welaýat merkezlerinde we uniwersitetiň özünde geçiriler. Integrirlenen olimpiadanyň ýumuşlary 5 sany ders — «Matematika», «Fizika», «Himiýa», «Biologiýa», «Iňlis dili» dersleri boýunça bolar. Guramaçylyk toparynyň çözgüdi esasynda her synp boýunça 5 sany okuwçy (IX synpdan 5, X synpdan (6 ýaş) 5, X synpdan (7 ýaş) 5, XI synpdan 5), jemi 20 okuwçy ýeňiji diýlip yglan ediler we olar «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly altyn gaznanyň II derejeli agzalary hökmünde hasaba alnar. Mekdep okuwçylarynyň II tapgyra taýýarlanmagy üçin usuly gollanmalar yzygider uniwersitetiň internet sahypasynda (etut.edu.tm) ýerleşdirildi. Ýatlap geçsek integrirlenen olimpiadanyň I tapgyryna ýurt boýunça 30 müňe golaý okuwçy gatnaşypdy we şolardan 1,5 müňe golaýy II tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. II tapgyrda ýeňiji bolan okuwçylar olimpiadanyň ahyrky döwlet tapgyry bolan III tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar. III tapgyr uniwersitetiň özünde «Tomusky okuw» görnüşinde geçiriler. I tapgyryň ýeňijileri we II tapgyryň geçiriljek senesi we ýeri baradaky maglumatlar uniwersitetiň öz internet sahypasynda (etut.edu.tm) doly görkezilýär.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir