Madridiň “Realynyň” ýarym goragçysy Eden Azar Ispaniýanyň çempionatynyň iň ýokary girdeji alýan futbolçysy diýlip saýlandy. Fransiýanyň HBS-niň habar berşi ýaly, belgiýaly oýunçynyň zähmet haky salgytlar aýrylmazdan öň 2,25 mln ýewro barabar. Bu görkeziji boýunça ikinji orny “Barselonanyň” hüjümçisi Robert Lewandowski (2,17 mln ýewro) eýeleýär, ilkinji üçlügi bolsa bu toparyň kapitany Serhio Buskets (1,91 mln ýewro) jemleýär diýip, sovsport.ru belleýär. Bäşinji orunda “Realyň” goragçysy Dawid Alaba (1,88 mln ýewro) ýerleşdi. Onuň yzyndan “Realyň” hüjümçisi Winisius Žunior, “Barselonanyň” goragçysy Žordi Alba we “Atletikonyň” derwezebany Ýan Oblak gelýär. Olaryň ählisi möwsüm üçin 1,67 mln ýewrodan alýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir