Londonyň "Çelsisi" Grem Potteri baş tälimçi wezipesinden boşadandygyny mälim etdi. Bu barada klubuň resmi web sahypasynda habar berildi. Baş tälimçiniň wezipesini Bruno Saltor ýerine ýetirer. “Klubdakylaryň hemmesiniň adyndan Greme Çelsä goşan goşandy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys. Greme tälimçi we şahsyýet hökmünde iň uly hormatymyz bar. Elmydama özüni hünär taýdan ýokary taýýarlykly adam hökmünde we dogruçyl alyp barýardy, onuň gidýänine hemmämiz lapykeç bolýarys. Möwsümi ýokary derejede tamamlamak üçin bu oýunlaryň hersinde elimizden gelenini gaýgyrmarys "- diýip, klubuň şärikdeş eýeleri Todd Bouliniň we Behdad Egbaliniň beýanatlarynda aýdylýar. 47 ýaşly Potter 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda London klubuny kabul edip, baş tälimçi hökmünde nemes Tomas Tuheliň ornuny eýeledi. Iňlis tälimçisiniň şertnamasy 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli göz öňüne tutulandy. “Çelsi” 38 utuk bilen iňlis premýer-ligasynda 11-nji ýerde durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir