Halkara Futbol federasiýasy (FIFA) klublara 2026-njy we 2030-njy ýyldaky dünýä çempionatlaryna oýunçylary ibermek üçin 710 mln dollar tölär. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär. Duşenbe güni Budapeştde FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino bilen Ýewropa klublarynyň assosiasiýasynyň (ECA) başlygy Nasser Al-Helaifi özara düşünişmek barada ähtnama gol çekdi. Şertnama 2030-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli niýetlenýär. Ähtnama 2030-njy ýyla çenli klublaryň täze halkara oýun senenamasyna boýun bolmak baradaky täzelenen borçnamasyny öz içine alýar. ECA klublaýyn dünýä çempionatynyň 32 toparyň gatnaşmagyndaky täze formatyny, Çempionlar ligasynyň we kontinentara pleý-offuň ýeňijileriniň arasynda her ýyl geçiriljek oýny, şeýle-de geljekde dörediljek zenanlaryň klublaýyn dünýä çempionatynyň geçirilmegini goldady. Şertnamada oýunçylaryň dünýä çempionatlaryna gatnaşandyklary üçin klublara berilýän kompensasiýanyň 209 mln dollardan (2018, 2022) 355 mln dollara çenli (2026, 2030) ýokarlanjakdygy hem aýdylýar. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler hem-de 48 topar gatnaşjak ilkinji DÇ bolar. 2030-njy ýyldaky ýaryşyň geçiriljek ýeri heniz kesgitlenmedi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir