«Pari Sen-Žermeniň» hüjümçisi Lionel Messiniň transfer bahasy Transfermarkt tarapyndan 45 mln ýewro diýlip hasaplandy, oýunçy 2007-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 50 mln ýewrodan pes baha bilen bahalandyryldy. Bu barada sportrbc.ru habar berýär. Portal Fransiýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bahalary baradaky maglumatlaryny täzeledi. Noýabr aýynda Transfermarkt Messini 50 mln ýewro, 2018-nji ýylda 180 mln ýewro bilen bahalandyrypdy. Häzirki möwsümde 35 ýaşly Messi “PSŽ” üçin 32 oýunda 18 gol salyp, 17 netijeli geçirim etdi, Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde bolsa Katardaky dünýä çempionatynda ýeňiş gazandy. Messiden başga-da, Parižiň klubunyň ýene bir oýunçysynyň – braziliýaly Neýmaryň bahasy peseldi (5 mln ýewro, 70 mln ýewro çenli). Noýabr aýyndan bäri bahada iň uly ösüş eden “Monakonyň” 18 ýaşly oýunçysy Eliss Ben-Segir boldy, ýagny onuň transfer bahasy 200 müň ýewrodan 18 mln ýewro ýetdi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir