Türkmenistandan 155 sany raýat geljek okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin ugradylar. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Okuwlar maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylmy, bilim we pedagogika ylmy, inženerçilik, tehnologiýalar we tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar. Seçip alyş synaglary 2023-nji ýylyň 29 — 31-nji marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýär. Seçip alyş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik görnüşinde geçirilýär. Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär. Seçip alyş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat şäheri, 1958-nji (Andalyp) köçe, 169. Telefon belgileri: 39-85-62, 39-85-25.

Bilim, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir