Bütindünýä boks assosiasiýasy (WBA) ukrainaly Aleksandr Usik bilen britaniýaly Taýson Fýurini 1-nji aprele çenli söweş üçin şertnama baglaşmaga borçlandyrdy. Bu barada guramanyň prezidenti Hilberto Mendosa Twitterde habar berdi diýip, rsport.ria.ru belleýär. Öň, WBA 11-nji martda iki tarapdan hem söweşi geçirmek boýunça ylalaşylandygy barada tassyknama alandygyny aýtdy. Fýuriniň promouteri Frenk Uorren agyr agramda birleşdiriji söweşiň 29-njy aprelde geçjekdigini habar berdi. 13-nji martda britaniýaly söweşiji Usike söweş şertnamasyna rewanş söweşiniň ýokdugy barada punkty goşmagy teklip etdi. Eger toparlar şertnama barada ylalaşyp bilmeseler, onda ukrainaly söweşiji Beýik Britaniýanyň wekili Daniel Dýubua bilen söweş barada gepleşikleri geçirip başlamaly bolar. Fýuri 4-nji dekabrda watandaşy Derek Çisorany ýeňip, Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) agyr agramda dünýä çempiony titulyny gorady. Ýeňişden soň ol agyr agramda Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super), Halkara boks federasiýasynyň (IBF), Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) we Halkara boks guramasynyň (IBO) çempiony Usiki söweşe çagyrdy. Britaniýaly 34 ýaşynda bolup, professional ringde ýeňliş diýen zady bilmeýär (33 ýeňiş we bir deňme-deňlik). 36 ýaşly Usik hem ýeňilmedik bolup galýar, onuň hasabynda 20 ýeňiş bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir