Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) eminlere wideo kömekçi (VAR) ulgamynyň has ýönekeýleşdirilen görnüşini döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada FIFA-nyň Ruandada geçirilen kongresinde eden çykyşynda guramanyň prezidenti Janni Infantino aýtdy diýip, sputnik.by habar berýär. “Biz dünýäniň 100-den gowrak döwletinde VAR-y işe girizdik hem-de dört kamerany talap edýän “laýt” görnüşini hem hödürleýäris. Şeýle-de, biz Var Zero-da çykýarys – eger dört kamera bolmasa, eminlere kömek etmek üçin, iň bolmanda, birini goýmak bolar. Biz mundan beýläk hem her bir futbol assosiasiýasynyň eminlere kömek beriji tehnologiýany ulanmak mümkinçiliginiň bolmagy üçin bu görnüşleriň ählisini barlamagy dowam ederis, sebäbi emin bolmak örän kyn” – diýip, Infantino aýtdy. VAR ulgamy 2018-nji ýylda futbol oýnunyň düzgünlerine girizildi. Ulgamy ulanan milli toparlaryň ilkinji halkara ýaryşy 2017-nji ýylda Russiýada geçirilen Konfederasiýalaryň kubogy boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir