Ispaniýanyň Kubogynyň ýarym final tapgyrynda Madridiň «Realy» bilen «Barselona» duşuşar. Klublaryň arasynda birinji oýun 1-nji ýa-da 2-nji martda «Santýago Bernabeo» stadionynda geçiriler, jogap duşuşygy 4,5 ýa-da 6-njy aprelde «Barselonanyň» meýdançasynda geçiriler. Beýleki ýarym final duşuşygynda «Osasuna» bilen Bilbaodan «Atletik» duşuşar. Final duşuşygy 6-njy maýda Sewilýada geçiriler. Häzirki möwsümde «Barselona» bilen «Real» öz aralarynda iki gezek duşuşdylar. Ispaniýanyň çempionatynda «Real» 3:1 hasap bilen ýeňiş gazandy, Ispaniýanyň Super kubogynyň finalynda bolsa «Barselona» şol hasap bilen üstün çykdy. «Barselona» 31 gezek, «Real» 19 gezek Ispaniýanyň kubogyny eýeledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir