Basketbolçy Maýkl Jordanyň Nike kompaniýasyna degişli Jordan brendi bäş ýylda 19 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada Hypebeast ýazýar. Maýkl Jordan Nike bilen baglaşan şertnamasyndan diňe 5%-ini alýar. Jordan brendi moda pudagynda iň üstünlikli aýakgap we egin-eşik brendleriniň biridir. Nike «Air Jordan 1-iň» dört ýylda diňe 3 million dollar girdeji getirer diýip çaklapdy. Hakykatda bolsa krossowkalar ýylda 130 million dollar töweregi girdeji getirdi. The Sports Rush-yň habaryna görä, Jordan brendi indi bäş sagatda takmynan 3 million dollarlyk haryt satýar. Maýkl Jordan bu brendi 1984-nji ýylda Nike-yň ýolbaşçylary bilen duşuşandan soň öz ady bilen döretmäge razy boldy. Jordan ilkibada Nike bilen işleşmäge meýilli däldi, sebäbi şol wagt oňa adidas hemaýatkärlik edýärdi. NBA-nyň başga bir oýunçysy Lebron Jeýms hem Jordanyň yzyna eýerdi. Häzir onuň Nike bilen baglaşan şertnamasynyň gymmaty 1 milliard dollardan geçýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir