Ispaniýaly Rafael Nadal Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň birinji onlugynda yzygider bolmagynyň 900-nji hepdesine başlady. Bu rekord görkezijidir diýip, Mundo Deportivo habar berýär. Nadal top-10-na ilkinji gezek 2005-nji ýylyň 25-nji aprelinde çykdy, 2008-nji ýylyň awgustynda bolsa ilkinji gezek dünýäniň birinji raketkasy boldy, şondan soň ýylyň jemi boýunça (2008, 2010, 2013, 2017 we 2019) bäş gezek ýylyň ahyryna çenli reýtingiň başyny çekdi. ATP-niň turnirlerinde 36 ýaşly ispaniýaly türgeniň hasabynda 92 ýeňşi we 134 mln dollardan gowrak pul baýraklary bar. Nadal «Uly tuwulganyň» turnirlerinde 22 gezek, şol sanda «Rolan Garros» turnirinde 14 gezek ýeňiş gazandy. Häzirki wagtda Nadal dünýä reýtinginde ikinji ýerde durýar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir