Apple kompaniýasy özüniň ilkinji sensor ekranly noutbugyny işläp taýýarlaýar. Bu barada Bloomberg çarşenbe güni kompaniýadaky çeşmelerine salgylanyp habar berdi. Olaryň maglumatlaryna görä, Apple-iň hünärmenleri kompaniýanyň täze önüme çynlakaý garaýşyny görkezýän bu taslama boýunça işjeň iş alyp barýarlar. Şeýle-de bolsa, innowasiýany durmuşa geçirmek barada gutarnykly karar entek kabul edilmedi. Apple öz noutbuklaryny duýgur ekranlar bilen enjamlaşdyrmagyň pikirini etmegi köpden bäri ret edip gelýärdi diýip, Bloomberg ýazýar. Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýany esaslandyryjy Stiw Jobs şeýle karary "ergonomiki nukdaýnazardan gorkunç" diýip hasaplaýardy. Mundan başga-da, Apple noutbuklara duýgur ekranlaryň ornaşdyrylmagy “iPad” planşetleriniň satuwyna ýaramaz täsir eder öýdüp gorkýardy. Habarlar gullugynyň maglumatyna görä, soňky ýyllarda MacBook noutbuklarynyň iPad-den has köp pul getirip başlamagy Apple -iň ugruny üýtgetmegine täsirini ýetirdi. Şonuň bilen birlikde, Apple-iň bäsdeşleri öz noutbuklaryny ýygy-ýygydan duýgur ekranlar bilen enjamlaşdyryp gelýärler. Apple ilkinji duýgur ekranly noutbugyny 2025-nji ýylda, flagman MacBook Pro modeliniň täzelenmegi bilen hödürlär diýip garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir