Saud Arabystany fewral aýynda aziýaly alyjylar üçin nebitiň ähli görnüşleriniň bahasyny arzanladar. Bu barada Saudi Aramco döwlet kompaniýasyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär. Aziýa esasy iberilýän Arab Light görnüşiniň bahasy indiki aý barreline 1,4 dollar arzanlar. Netijede, ol Omanyň we Dubaýyň nebit sebedine garanyňda barreline 1,8 dollar ýokary bolar – bu 2021-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň pes premiýadyr. Demirgazyk-Günbatar Ýewropa üçin Arab Light nebitiniň bahasy barreline 1,4 dollar arzanlar, netijede ol Brent-den 1,5 dollar arzan bolar. ABŞ üçin bahalar eýýäm üçünji aý üýtgemez, ASCI indeksine görä Arab Light-yň baha premiýasy barreline 6,35 dollar bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir