Stiwen Spilberg «Fabelmanlar» (The Fabelmans, 2022) filmi üçin «Altyn globus» baýragyna mynasyp boldy. Abraýly baýragyň 80-nji gowşurylyş dabarasy sişenbe güni Kaliforniýanyň Bewerli Hills şäherinde “Bewerli Hilton” myhmanhanasynda geçirildi. Bu çäre NBC tarapyndan ýaýlyma berildi. Sýužetiň, esasanam, terjimehally ýerleriniň esasynda režissýoryň öz çagalygy we ýaşlyk ýatlamalary ýatýar. 76 ýaşly Spilberg bilen birlikde bu nominasiýada Jeýms Kemeron (“Awatar: Suwuň ýoly”, Avatar: The Way of Water 2022), “Hemme zat hemme ýerde we birbada” filmi bilen Den Kwan we Deniel Şaýnert bilelikde (Everything Everywhere All at Once, 2021), Baz Lurmann (“Elwis”, Elvis, 2022) we “Inişeriniň banşi” filmi bilen Martin Makdona (The Banshees of Inisherin, 2022) dagylar dalaşgär boldular. Filminiň edebi esasyny ýazan Makdona degişli kategoriýada baýrak aldy. Onuň bilen Kwan hem Şaýnert ("Hemme zat hemme ýerde we birbada"), Spilberg we Toni Kuşner ("Fabelmanlar"), "Tar" (Tar, 2022) filmi bilen Todd Fild we "Aýallar diýýärler" filmi bilen Sara Polli dagy bäsleşdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir