«Monakonyň» merkezi goragçysy Benua Badýaşil karýerasyny Angliýanyň premýer-ligasynda dowam etdirer. 21 ýaşly fransuz türgeni Londonyň “Çelsisi” bilen 7,5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Geleşigiň maliýe jikme-jiklikleri aýan edilmedi. Transfermarkt.de portalynyň habaryna görä, monegaskiler futbolçynyň söwdasyndan azyndan 37 million ýewro gazandylar. Badýaşil “Monakoda” tälim alan, ol ilkinji topary üçin ähli ýaryşlarda 135 gezek çykyş edip, alty gol geçirdi we üç gezek netijeli pas berdi. Şeýle-de, goragçynyň hasabynda Fransiýanyň milli ýygyndysy üçin oýnalan iki oýun bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir