«PSŽ-niň» hüjümçisi Lionel Messi 2022-nji ýylda geçirilen halkara oýunlarynda iň köp gol geçirenleriň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Sanawda halkara ýaryşlarynda klub we milli ýygyndy üçin girizilen gollar hasaba alyndy. Birinji orunda 22 gol bilen argentinaly ýyldyz Lionel Messi durýar. Üçlüge Kilian Mbappe we Hulian Alwares hem girýär. Lionel Messi («PSŽ», Argentina) - 22 gol (klub üçin 4 + milli ýygyndy üçin 18). Kilian Mbappe («PSŽ», Fransiýa) - 21 (9 + 12). Hulian Alwares (“Mançester Siti”, Argentina) - 15 (8 + 7). Erling Holand (“Borussiýa” Dortmund, “Mançester Siti”, Norwegiýa) - 14 (5+9). Sadio Mane (“Liwerpul”, “Bawariýa”, Senegal) - 14 (6 + 8). Robert Lewandowski (“Bawariýa”, “Barselona”, ​​Polşa) - 13 (9 + 4). Pedro (“Flamengo”, Braziliýa) - 13 (12 + 1). Eldor Şomurodow (“Roma”, Özbegistan) - 12 (1 + 11). Rişarlison (“Ewerton”, “Tottenhem”, Braziliýa) - 12 (2 + 10). Mohamed Salah (“Liwerpul”, Müsür) - 12 (8 + 4).

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir