Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Horwatiýa bilen Belgiýa deňme-deň oýnadylar. Al-Raýanda geçen duşuşyk 0:0 tamamlandy. F toparyň beýleki duşuşygynda Dohada Marokkonyň ýygyndysy Kanadadan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. 4-nji minutda Hakim Ziýeş marokkolylary öňe çykardy, 23-nji minutda bolsa Ýussef En-Nasiri ikinji goly geçirdi. 40-njy minutda marokkolylardan Naif Ager öz derwezesine gol geçirdi. Netijede topardan 1/8 final tapgyryna birinji ýerden Marokko (7 utuk) we ikinji ýerden Horwatiýa (5) çykdy. Dünýä çempionaty - 2018-iň bürünç medalçysy Belgiýa üçünji ýeri (4 utuk), Kanada bolsa (0) dördünji ýeri eýeläp ýaryşdan gaýtdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir