Katarda futbol boýunça dünýä çempionatynyň E toparynyň üçünji oýnunda Ýaponiýa 2:1 hasap bilen Ispaniýadan üstün çykdy. Ýaponiýadan gollary Risa Doan (48) we Ao Tanaka (51) geçirdi. Ispaniýadan Alwaro Morata (11) geçirdi. Ýaponiýa 6 utuk bilen E toparda birinji orny eýeledi. Ispaniýa 4 utuk bilen ikinji orny eýeledi. Ispanlar 4 utugy bolan Germaniýadan gol sanynyň artykmaçylygy boýunça öňe geçdiler. Ýaponiýa 1/8 final tapgyrynda 5-nji dekabrda Horwatiýa bilen, Ispaniýa bolsa 6-njy dekabrda Marokko bilen duşuşar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir