Nissan kompaniýasy 2023-nji model ýylynyň orta ölçegdäki Nissan Serena miniweniň altynjy nesli bilen resmi taýdan tanyşdyrdy. Täze ulag, özünden öňki bilen deňeşdirilende, has baý topluma we ProPilot 2.0 awtopilotyna eýe boldy. 2023-nji model ýylynyň Serena-syň içi giňeldildi, şeýle-de täze faraly we radiator gözenekli häzirki zaman bezegine eýe boldy. Öňki modeliňkä garanda, aýaklar üçin ýer giňäp, destiň başy 120 millimetr süýşdi. Benzin bilen işleýän wersiýasy kuwwaty 150 a.g.-ne deň bolan we aýlanýan pursady 200 Hm atmosferaly 2 litrlik hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan, ol doly priwodly we wariatorly hödürlenýär. Şeýle-de onuň kuwwaty 98 a.g.-ne deň we aýlanýan pursady 123 Hm bolan 1,4 litrlik täze, Nissan-yň tassyklaýşy ýaly, has ýuwaş motorly e-Power gibrid modeli hem bar. Esasy aýratynlygy awtomagistral bilen bir zolakdan tizligi 40 km/s-den geçirip hereket etmäge mümkinçilik berýän ProPilot 2,0 ulgamdyr. Ýaponiýanyň içerki bazarynda esasy benzin bilen işleýän model üçin bahalar 19 300 ýewro töwereginden başlap, e-Power Luxion-yňky 33 500 ýewro çenli baryp ýetýär. Içinden ot alýan hereketlendirijili Serena satuwa şu gyşda, gibrid bolsa - 2023-nji ýylda çykar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir