Wekiller palatasy ýedi ýyllyk çekişmeden soň, Braziliýada kriptowalýutanyň bazaryny düzgünleşdirýän PL 4401/2021 kodly kanunyň taslamasyny makullady. Senat resminamany aprel aýynda makullapdy, iýundan bäri ol parlamentiň aşaky palatasynda saklanyp, ahyram, ýurduň prezidenti Žair Bolsonaruwyň (Jair Bolsonaro) (onuň ygtyýarlyklarynyň möhleti 2022-nji ýylyň 31-nji dekabrynda dolýar) gol çekmegine hödürlendi. Sessiýanyň dowamynda senat tarapyndan kanunyň taslamasyna girizilen üýtgetmeler boýunça çekişmeler boldy. Taslamanyň awtory Aureo Ribeýro (Aureo Ribeiro) («Raýdaşlyk» partiýasy) bir topar üýtgetmelere garşy çykyp, olar «bazary hapalaýar» diýip tassyklady. Aýratynam, ahyrda, barybir, wekilleriň palatasy tarapyndan tassyklanan paýnamalaryň segregasiýasy hakyndaky bölümçäni şeýle hasaplady. Kanunyň ahyrky görnüşi üpjün edijilerden öz serişdelerini müşderileriň serişdesinden bölüp aýyrmak hyzamatynyň bolmagyny talap edýär. Bu FTX kriptowalýuta biržasynyň başdan geçireni pisint çökgünlikden gaça durmak üçin gerek. Şeýle-de, kanuna maýnerler (kriptowalýutany gazanyjylar) üçin salgyt ýeňillikleri hakyndaky düzgünnama girmedi. Galyberse-de, kriptowalýutanyň jenaýatçylar tarapyndan ulanylmagynyň mümkindigi sebäpli industriýany pugta gözegçilikde saklamagyň zerurdygy bellendi. Kriptowalýutalar hakyndaky kanun maglumatlary tertibe salmak, ulanyjylaryň hukuklaryny goramak we goraglylygyny üpjün etmek, maliýe jenaýatçylyklaryna garşy göreşmek we kriptowalýuta bilen geçirilýän operasiýalaryň aýdyňlygyny gazanmak çygrynda gollanma edinilmegi zerur kadalaşdyryjy ýolbaşçylyk ýörelgelerini kesgitleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir