Milletler ligasynyň jemleýji oýunlary Niderlandlarda geçer. Bu barada UEFA-nyň resmi saýty habar berýär. Mini-turnire A Liganyň ýeňiji toparlary gatnaşar. "UEFA-nyň Milletler ligasynyň final oýunlaryny kabul etmek hormaty ilkinji gezek Niderlandlaryň paýyna düşdi diýip, UEFA-nyň ýerine ýetiriji komiteti habar berýär. Rotterdam we Enshede şäherleri jemleýji oýunlary geçirmek üçin Niderlandlaryň Patyşalyk futbol birleşigi (KNVB) tarapyndan saýlandy. Ýarym finallar 2023-nji ýylyň 14-15-nji iýunynda geçer, üçünji ýer ugrundaky oýunlary we finaly bolsa 2023-nji ýylyň 18-nji iýunynda geçirmek meýilleşdirildi. Ýarym finalyň jübütleriniň bije atyşlygy 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Nýonda geçer, takyk senesi we wagty bellenen tertipde kesgitlener. Jemleýji oýunlarda Niderlandlaryň, Horwatiýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň ýygyndylary oýnarlar" - diýip, UEFA-nyň resmi beýannamasynda aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir