Ýewropanyň kosmos agentligi (EKA) 17 sany täze astronawtyň adyny mälim etdi, olaryň arasynda britaniýaly lukman we paralimpiýaçy Jon Makfoll hem bar. EKA-nyň 41 ýaşly täze astronawty taryhda maýyplygy bolan ilkinji astronawt bolar. Bu barada Reuters agentligi habar berýär diýip, forbes.kz belleýär. Jon Makfoll 19 ýaşynda motosikl heläkçiligine uçrady we netijede onuň sag aýagy kesilip aýryldy. Gutulyp, protezi özleşdirenden soň ol sport bilen meşgullanyp, 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen Paralimpiýa oýunlarynda paralimpiýaçy sprinter hökmünde Beýik Britaniýanyň türgeni bolup çykyş etdi. Şonuň bilen birlikde Makfoll Beýik Britaniýada lukmançylyk uniwersitetini tamamlap, hirurg-trawmotolog boldy. Makfollyň kandidaturasy EKA taslamalaryna gatnaşmak üçin çäkli mümkinçiligi bolan beýleki 257 adamyň tabşyran arzasynyň arasyndan saýlandy. EKA-nyň dolandyrylýan we awtomatlaşdyrylan uçuşlar bölüminiň ýolbaşçysy Dewid Parkeriň aýtmagyna görä, Jon Makfollyň guramanyň düzümindäki işleri maýyplygy bolan adamlaryň rahat we netijeli ýaşap hem-de işläp, missiýalaryny ýerine ýetirmekleri üçin kosmos gämilerini we kosmos stansiýasyny uýgunlaşdyrmaga kömek eder. Jon Makfollyň agentlikdäki wezipesi “parastronawt” hökmünde görkezilýär. “Biz paralimpiýaçy türgenlere meňzeş şekilde “parastronawt” adalgasyny saýladyk. Ýöne olara bildirilýän talap beýleki astronawtlara bildirilýän talaplar bilen deňdir” – diýip, Dewid Parker belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir