20-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň prezidenti, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Hou Siszýuny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezident hem-de HHR-iň iri korporasiýasynyň ýolbaşçysy bar bolan uly mümkinçilikleri nazara almak bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda nebitgaz ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň netijeli döwletara gatnaşyklaryň ajaýyp nusgasydygy nygtaldy. Häzirki wagtda türkmen “mawy ýangyjynyň” Hytaýa iberilmegini üpjün edýän gaz geçirijisini gurmak boýunça amala aşyrylan bilelikdäki taslama bu hyzmatdaşlygyň miwesidir. Taslama ähli gatnaşyjylaryň — önüm öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini göz öňünde tutýan XXI asyryň bu ägirt uly taslamasy ählumumy durnukly ösüşiň möhüm şerti bolan sebit we dünýä energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýar. Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna “CNPC-niň” ýurdumyzda alyp barýan işleri barada habar berdi. “CNPC-niň” “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz känini enjamlaşdyrmaga işjeň gatnaşmagy netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygyň esasynda türkmen tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaý Halk Respublikasyna iberilýär. Şunda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyry hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň möhümdigi bellenildi. “CNPC-niň” ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynda “Gadyn” gaz ýygnaýjy bekediniň 18-nji iýunda geçirilen açylyş dabarasyna gatnaşandygy üçin hem-de energetika ulgamynda döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Bu ileri tutulýan ugurdaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň başlangyçlary — Hytaýyň öňe sürýän “Bir guşak — bir ýol” konsepsiýasy hem-de Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça amala aşyrýan strategiýasy bilen baglylykda uly geljeginiň bardygy bellenildi. Işewür hytaýly hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir