Indiki hepdeden, ABŞ-da bäş ýaşdan kiçi çagalara COVID-19-a garşy sanjym edilip başlanar. Bu barada, Interfaks Associated Press-e salgylanyp habar berýär. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik ediş we öňüni alyş merkezleri (CDC) şenbe güni Pfizer-iň we Moderna-nyň derman serişdelerini makullady. Pfizer-iň üç komponentli waksinasy alty aýdan dört ýaşa çenli çagalar, iki fazaly Moderna bolsa alty aýdan bäş ýaşa çenli çagalar üçin ulanylar. CDC makul bileninden soň, ABŞ-da 18 mln töweregi çaga sanjym alyp biler. COVID-19 pandemiýasynyň başyndan bäri, bäş ýaşa çenli çagalaryň 480 töweregi şu kesel sebäpli ýogaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir