Ukraina 2023-nji ýylda “Ýewrowideniýäni” kabul edip bilmez diýlip, bäsleşigiň guramaçysy bolan Ýewropanyň ýaýlym birleşiginiň beýanynda aýdylýar. Muny RIA Nowosti ýetirýär. “Obýektiw seljermeden soň, “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşiginiň referent topary we dolandyryjylar geňeşi häzirki şertleri, howpsuzlyk ýagdaýyny we ýaýlymçy tarapyndan geçirmek üçin zerur bolan operasion kepillikleri göz öňünde tutup, uly gynanç bilen, düzgünlere laýyklykda, “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigini UA:PBC (Ukrainanyň jemgyýetçilik teleradiokompaniýasy) gurnap we geçirip bilmez diýen netijä geldi” – diýlip, metbugat relizinde aýdylýar. Şeýle-de, 2023-nji ýylda aýdym-saz bäsleşiginiň Beýik Britaniýada geçirilip bilinjekdigi bellenilýär. “Ýewrowideniýe – 2022-niň” ýeňijisi “Stefania” aýdymy bilen Ukrainanyň Kalush Orchestra topary boldy. Düzgüne laýyklykda, bäsleşige gatnaşyjysy birinji orny eýelän ýurt indiki bäsleşigi geçirmäge hukuk gazanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir