Müsüriň Ministrler Kabineti epidemiologik ýagdaýyň kadalaşmagy we sanjym işleriniň depgininiň ýokarylygy bilen bagly ýurduň öz raýatlary üçin hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň ýurda gelmegi babatda koronawirus çäklendirmeleriniň ählisini ýatyrmak kararyna geldi diýip, Sada El Balad portalyna salgylanyp, interfax.ru habar berýär. "Ýurduň öz içinde we onuň çäklerinden daşarda epidemiologik ýagdaýy gözegçilikde saklamak üçin ýurda gelýän müsürliler ýa-da daşary ýurtlular babatynda bellenen kowide garşy ähli çäklendirmeleri aýyrmak barada Müsüriň Ministrler Kabineti geçiren ýygnagynyň dowamynda karar kabul etdi " - diýip, neşir ýazýar. Hereket edýän çäklendirmeleriň ýatyryljak möhleti barada habar berilmedi. Häzirki wagtda Müsüre girmek üçin BSGG tarapyndan makullanan sanjymlardan biri ýa-da Russiýanyň "Sputnik" sanjymy alnandygy barada güwä haty, koronawirus ýokanjy bilen keselländigiň hakynda güwänama ýa-da PZR-test talap edilýär. Portalyň habar berşi ýaly, ýurtda epidemiologik ýagdaý durnukly: raýatlara koronawirusa garşy dürli waksinalaryň 86,6 mln dozasy, rewaksinasiýa üçin hem 4,5 mln doza goýberildi. Hökümet ilata sanjym geçirmegiň gowy depginini üpjün etmek üçin şu ätiýaçlyklary ýeterlik hasaplaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir