Ilon Maska hem-de onuň Tesla, Space Exploration Technologies Gorp (SpaceX) kompaniýalaryna Dogecoin kriptowalýutasyny öňe sürendikleri üçin 258 mlrd dollarlyk kazyýet arzasy bildirildi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Arzaçy Kit Jonson Mask bilen onuň kompaniýasynyň Dogecoin-niň bahasyny galdyrmak üçin aldawçy tilsimi döredendiklerini tassyklaýar. «Günäkärlenýärler, Dogecoin kriptowalýutasynyň hiç hili gymmatynyň ýokdugyna garamazdan, onuň göwnejaý maýa goýum hasaplanýandygyny ýalançylyk bilen tassykladylar» diýip, Manhetteniň federal kazyýetine berlen talap arzasynda aýdylýar. «Kezzaplykda aýyplanýanlar tarapyndan döredilen kriptopiramida sebäpli puluny giderendigini» tassyklaýan Jonson onuň talap arzasyny köpçüligiň hem goldajakdygyna we bu işe 2019-njy ýylyň aprelinden bäri Dogecoin söwdasynda serişdesini ýitiren beýleki adamlaryň hem goşulyşjakdygyna bil baglaýar. Ýitgisiniň öweziniň dolunmagy bilen birlikde, ol kazyýetiň Maska we onuň kompaniýalaryna Dogecoin-i öňe sürmegi gadagan etmegi talap edýär. Siba-inu tohumyndan bolan itli Doge internet-meminiň hormatyna 2013-nji ýylda döredilen kriptowalýuta penşenbe güni 0,057 dollar derejesinde söwdalaşyldy, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri onuň bahasy 67% düşdi. Geçen ýyl Dogecoin-iň nyrhy 0,74 dollara çenli ýokary galdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir