Awstraliýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek dünýä çempionatynda oýnamaga hukuk gazanmak ugrundaky yklymara pleý-off oýnunda peruly garşydaşlaryndan üstün çykdy diýip, Trend ýazýar. Oýnuň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynda awstraliýalylar netijeli boldular — hasap 5:4. Awstraliýa bije çekişligiň netijesi boýunça D toparda oýnar. Fransiýa, Daniýa we Tunis onuň garşydaşlary bolar. Awstraliýanyň ýygyndysy yzygider ýagdaýda bäşinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşýar. Toparyň bu ýaryşlarda gazanan iň ýokary netijesi — 2006-njy ýylyň dünýä çempionatynda 1/8 finala çykmagydyr.

Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir