Garyşyk söweşiň türkmen wekili Döwletjan Ýagşymyradow «Kurulyş: Osman» taryhy serialyň üçünji möwsüminiň jemleýji seriýasynda düşdi. Türkmenistanly pälwanyň surata düşen 98-nji seriýasy ATV teleýaýlymynda 15-nji iýunda görkezilipdi diýip, Turkmenportal habar berýär. Ýagşymyradow taryhy serialda Konýadan Balabanyň keşbini ýerine ýetirýär. Bellator promouşeniniň türkmen pälwany ilkinji gezek serialyň 97-nji seriýasynda peýda boldy. Türgen filmde peýda boljakdygy barada Instagram sahypasynda mälim edipdi. «Kurulyş: Osman» serialy Osmanly imperiýasyny esaslandyryjynyň durmuşy barada gürrüň berýär. Taryhy serial Türkmenistanda we beýleki türki döwletlerde giň meşhurlykdan peýdalanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir