Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Eýýäm bitin däl-de, döwükdirin men.
Oka dogry barýan, owlagny gorap,
Gözleri aýyply keýikdirin men.

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Çekijiñ gaçyran syrçasydyryn.
Özi süýşüp baryp lukmasy bolýan, -
Ýylanyñ "okaýan" serçesidirin...

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Tä diñýänçä ähli zatlar artykmaç.
Diñmese - taýynlañ köz bilen duzy, -
Dilnen ýüregimden bişiriñ kakmaç...

Aglaýan çaganyñ sesin eşitsem, -
Gaçgak bolan çagym gitmerin uzak:
Meni tutmak kyn däl, çaga aglasa, -
Bu hudaýtarapyn gurulan duzak...

Gurbanýaz DAŞGYNOW.



Göçüren: Elif

http://islenen.site/17791-.html

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir