ÝATKEŞLIK.
Käşir- Ýatlama ukybymyzy artdyrýar. Çünki, käşir beýnimizdäki metabolizmamyzy (alyş-çalyş) güýçlendirýär. Bir zat ýat tutmaly bolsaňyz, bir kiçi tarelkada ýagly käşir salatyny iýiň.

Ananas- Uzyn teksti ýatda saklamak üçin iýilmeli miwedir.

Awakado- Gysga möhletli ýat üçin. Meselem almaly zatlaň sanawyny edeňde peýdaly. Onda köp mukdarda ýag kislotalary bar. Ýarty awakado ýeterlikdir.

BAGTLYLYK.
Gyzyl burç- Näçe ajy boldugyça şonça gowy. Aroma maddalary bedeniň bagt garmonynyň çykmagyna itergi berýär. Iň gowusy çyg iýileni şol durşyna.

Ýer tudana (клубника)- Stresi ýeňilleşdirýär. Süýümli maddasy bagt berýär. Doza azyndan 150 gram.

Banan- Munuň syry serotonindir. Banandan beýnimiz hoşal bolýar.

ÖWRENMEK.
Kelem- Gaharlylygy (nerwini) gowşadýar. (Tiroid bezleriniň işjeňligini haýalladýar) Muny iýseň hasam stressiz öwrenilýär. Meselem ekzamenden öň iýseňiz peýdasy degýär.

Limon- C witamini sebäpli öwrenmegi güýçlendirýär, başarnygy artdyrýar. Dil öwrenmek kursundan öň 1 stakan limon şiresi (suwy) içiň.

Itüzüm (Blueberry, черника)- Uzyn möhletli öwrenmek üçin ideal miwedir. Beýniniň has gowy gan bilen üpjün edilmegini üpjün edýär.

ÜNS.
🦐 ( креветка, Shrimp)- Bu beýniniň iýmitidir. Bedene möhüm omega 3 ýag kislotalary berýär. Ünsiň dowamlylygyny uzaldýar.

Sogan- Fiziki ýadawlyga garşy. Gany suwuklandyrýar, beýni kislorody has gowy alýar.

Hoz, fyndyk (hazelnut), pisse- Konferensiýalarda (Maslahatlarda), konsertlerde, uzak awtoulag syýahatlarynda nerwini güýçlendirýär hem-de beýnidäki habar alma maddalarynyň emele gelmegini işjeňleşdirýärler.

DÖREDIJILIK.
Zenjefil (имбирь)- Içindäki maddalar beýnini täze pikirler döretmäge mümkinçilik berýär. Ganyň suwuklanmagy bilen bedende has erkin akýar, beýni kislorod bilen iýmitlenýär.

Kimýon (cumin)- adamyň aňyna bir pikir getirýär. Ondaky efir ýaglary tutuş nerw ulgamyny gyjyndyrýar, ýöne diňe döredijilikli pikirleniş şertinde. Birden bir pikire, oýlap tapyşa mätäç bolan kimýon çaýyny içmeli. (Bir käsä 2 çaý çemçesi kimýon goşmaly)

Çesme: Nirvanaň temasy. http://islenen.site/16175--.html

Sorag-jogap, Tiko tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir