Russeliň çäýnegi asman çäýnegi diýibem bilinýär. Filozof Bertnard Russel tarapyndan orta atylan analogiýadyr. Bu analogiýa görä bir zady subut etme jogapkärçiligi oňa şübhe duýan kişide däl-de onyň bardygyny aýdýan kişidedir. Bardygyny aýdýan kişi onuň barlygyny subut edýänçä şübhelenýän kişi hiç-hili subut etme jogapkärçiligine eýe däldir.
Russel makalasynda şeýle ýazýar: "Eger men Ýer we Mars planetalarynyň arasynda elliptik ugur bilen (Ýeriňki ýaly) Günüň daşyndan aýlanýan çäýnek bardygy barada garaýyş öňe sürsedim we çäýnegi iň güýçli teleskoplarymyz bilenem görüp bolmajak derejede kiçidigini bellär ýalam häzir bolsadym, hiç-kim bu garaýşymyň tersini subut edip bilmezdi. Ussesine-de bu garaýşymyň ýalňyşdygy subut edip bolmaýandygy sebäpli ynsan aklynyň ondan şübhe duýmagynyň tekepbirlik boljagyny aýtsadym, hemme kişiniň meniň samsyklaýandygymy aýtmaga doly haky bolardy. Emma, bu aýdýan zatlam gadym zamanda ýazylan kitapda-da bellenip geçilen bolsady, her bazar güni ybadathanalarda mukaddes hakykat hökmünde öwredilsedi we mekdeplerde çagalaryň beýnisine guýulsady, onuň bardygyndan müňkür bolmak adaty bolmadyk zat hökmünde garalardy we müňkürlik eden kişi häzirki döwürde bir ruh doktoryna, bir-näçe asyr mundan ozal bolsa inkwizisiýa sudyna tabşyrylardy".

Bilim, Panturkist tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir