DÖNÜKLIK
Öňünde keçäni dyrmalap oturyşyna, çagalaryna eşitdirmezlik üçin pyşyrdamagyň bäri ýanynda ýetişibildiginden gürleýär: -Bir zada düşün, özüňe sütem edip, ýaşaşamak islemeýän adamyň bilen ölseňem ýaşaşyp bolmaýar. “Çagalaryň hatyrasyna” diýip, özüňe zor salyp ýaşaşmagyň hötdesinden geläýen ýagdaýyňda-da, bü eýýäm ýaşaýyş bolman, tükeniksiz ezýet, jebri-jepa bolar. Şonuň üçinem saňa-da gowy bolar şeýtsek, çagalara-da, maňa-da… Sypatynyň pisini aşyryp, şol gepläp otyr, gepläp otyr… Ol bolsa, ýaňy bu öňünde başyny aşak salyp oturan öz gepine başlan dessine, bir demde nem galman gurap, bir nokada seredişlerine doňup galan gözlerini onuň arkasyndaky diwar aýnasyna dikip, onda görünýän öz şekilini synlaýar. Ýaňy kyrk ýaşanam bolsa, eýýäm gasyn atyp, reňňi solan ýüzi, uzak wagta çeken keselçilikden soň suwy galman, sykylyp kakan kaddy-kamaty… Hany, şol ýigrimi ýyl mundan ozal, bir bölek guba gaz kibi kowçum tutuşyp toýa barýan boýdaşlarynyň arasynda jakgyldap gülende, külli ýigit ähliniň nazaryny özünde ägindirýän, akja garyň üstüne naryň şiresi sepilen dek gülgüne ýaňaklary… Gyrmyzy öwşüni gözüň ak ýagyny iýip gelýän, pökgüje, pisse dodaklary… Terpenende göreniň ýüregini ersdirýän badam gabaklary… Nepis-näzik galam gaşlary, ok kirpikleri… Alma gözleriniň hyjuw bilen lowurdap, her bakany jadylap, özüne ýüpsüz örkläp goýýan ahramy garaýyşy… Ýüpek köýnegi içre owsunyp, tyrsyldap-tözlenip duran, juwan hyjuwy bilen joş urýan, ter bedeni… Hiç haýsy galmady… Barysyny ýyllar-ýeller, gaýgy-aladalar, keselbent çagalary aldyrman-ýoldurman ulaltjak bolup hars urlan günler-aýlar, öňkülerinden has agyr geçen soňky göwreliliginiň yz ýany tapynan agyr hassalygy ýuwutdy…Onsoňam… Onsoňam, şol zatlaryň barysyny, ine şu, öňünde ýüzüni sallap, myňňyldap oturana bagyş etdi. Sarp etdi. Siňdirdi. Iýdirdi. Geýdirdi. Ýuwdy-artdy. Yzly-yzyna iki gyz bilen iki ogul dogrup berdi. Saçlaryny sübse edip, ellerini kesewä dönderip, ojagynyň ody bilen girip, küli bilen çykdy… Ol bolsa… Ýeri, saňa şundan başga, ýene-de näme ýetmedi, meýdiň ýanan, meýdi ýanmyş?!... Emma, içi-bagry tütäp, agzyny açsa dahanyndan ot syçrajak bolup dursa-da, ol ýuman agzynam açmady. Hemme zady içine salmaga endik eden zenan gaýraty bilen, özüne zor saldy-da, gözüne ýaş aýlaman saklandy. Ýene-de bolanja erkini bir ýere çugdamlap, şu öňünde oturan, hut ýaňy ol gepe başlamanka-da özüniň äri hasaplaýan kişisini diňlemäge çytraşdy. Emma bolmady. Ol onuň hümürdisini şol bir wagtyň özünde eşitýärem-eşitmeýärem…
-Düşün, meniň seniň halys keşdim çekmeýär…-diýip ol, göýä, astyna ýazylan keçä gürrüň berýän ýaly, pessaý hymy-symy etmegini dowam edýär:-Seni gördügim aňrym-bärime gelýär. Onsoňam… Ol kynlyk bilen ýuwdunýar-da, ýene-de gepini dowam edýär:
-Men iki ýyl bäri başga biri bilen ýaşaşyp ýörün. Ondan oglumam boldy. Eýýäm bir ýaşynda. Şonuň üçinem, men özüme-de, size-de, ol maşgalama-da sütem edip, iki jahanyň owarrasy bolup, bäri bilen aňrynyň arasynda jöwlan urup, janserek bolup ýörenimden, seniň bilen ymykly birýüzli edeli diýýän. Aýrylyşaly. Çagalary bolsa alada etme, hor etmerin. Sebäp diýseň, olaram menden önen…Ikimiz-ä näme, ikimiz-dä. Ýöne olaryň bu zatlarda jinnek ýalam günäsi ýok. Şonuň üçinem olar kösenmez. Seniňem gerek-ýaragyňa hemaýat eder duraryn…Elimiň ýetdiginden… Edil ýarym sagat mundan ozalam özüne şeýle mähriban bolan, özüniň ýeriň ýüzünde ýeke-täk howandary, penakäri diýip hasaplan adamy şol gepläp otyr, gepläp otyr…
Eý Allam! Senden ýekeje dilegi, goý şu oturan sesini kessin-de, öýden çykyp gitsin! Goý, hiç zat geplemän, hiç zat soraman, diňe çyksyn-da gitsin… Gümlama gitsin, özge heleýiniň ýanyna gitsin, täterimiň teýine gitsin, ýa-da ondanam aňyrraklardaky bir ýerlere sumat bolsun…
Diňe şu wagt şu taýdan ýok bolup gitse bolýar, Eziz Allam!
Oňa öz düşündirişi, öz sözleri bilen çekip-çydar ýaly bolmadyk, tükeniksiz ezýeti ýuwutdyryp oturman, diňe şu ýerden gitse bolany… Eziz Allam, nädip şunuň bilen dagam geçen şunça ýyllaryň bilelikde ýaşadyka? Nädip, onuň şu derejede çüýrükligini, şahsy lezzeti üçin özüne şunça ýyl wepaly hyzmat eden başdaş-a beýle-de dursun, hatda öz bagryndan önen çagalarynyň üstündenem ätlemäge ukyply haýwantaklygyny aňman, onuň demi bilen demli bolup, onuň bagty bilen özüni bagtyýar duýup gezdikä? Kellesinde ajy pikirler tüweleý turuzýan hatyn, şol bir oturyşyny üýtgetmän, özi bilen ýigrimi ýyl bäri bir düşekden örse-de, şu güne çenli nätanyş bolan, bu gaşynda oturan bigänäni, göz astyndan birlaý synlady-da, birdenem onuň bolup oturyşyny aňlatmak üçin hälden bäri kösenip tapmaýan sözüni tapdy. Dönüklik! Hawa, hawa, hakykatdanam ol dönük! Sebäbi hemme dönüklerem haýsydyr bir şahsy bähbitleri üçin – gara janyny halas etmek, köpräk pul gazanmak, dynnym ýalyjagam kösenmän ýaşamak ýaly matlaplaryny amal etmek üçin, dönüklige ýüz urýarlar. Bu hem şonuň ýaly…Şu oýlanmasyndan soň hatyn, birdenkä köşeşdi. Başyny galdyryp, öňünde oturan keseki adama merdemsi bakdy-da: -Başym başlaryna sadaga, çagalaryň hatyrasyna, git şu ýerden! Bar, hiç zat gepleme-de, hiç zat düşündirme-de, diňe çyk-da, git! Biziňem, bokurdagymyzy deşen Alladyr! Nesibämizi ýetirer bir ýerden, Özi! Senem, bizem öz maňlaýymyzdakyny göreris. Bar, Alla ýaryň! Bir aýtjagym, bihuda ýere çagalary ynjytmasaň bolýar...Öz ojagynda bigänä öwrülen adam, ýene-de nämedir bir zatlar aýtjak bolýan dek, bogazynyň ýumry etini eýläk-beýläk ýöredip, sähel salym durdy-durdy-da, ahyrynam kelam agyz geplemän, çykyp gitdi...

Awtoryny bilemok, eger bilyan bar bolsa aydayyn we bash sagat onunden sag bolsun aydandygymdan habarynyz bolsun )
Elif tarapyndan 26.04.2022, 04:40
Meň alan çeşmäm: http://islenen.site/16060-sypatyny-pisini-ayryp-ol-geplap-otyr-geplap-otyr.html

Edebiýat, Tiko tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir