Jenap Tawers Çendler ýatylýan otagjygynda agşamky dabaralara geýýän jalbaryny ütükleýärdi. Bir ütügi gaz pejiň üstünde gyzyp durdy, beýleki ütügi bilenem jalbarynyň epinini ýazjak bolýardy, bar güýji bilen ony öňe-yza ýöredýärdi. Biraz salymdan barysy taýýar boldy. Ol epiniň gaýyş köwşünden ýakasy giň açylan ýeňsiz gursakçasyna çenli göni uzap gidişini görüp, guwanman durup bilmedi. Gahrymanymyzyň egin-eşigi barada bar bilýänimiz şular. Pukaralyk zerarly her hili emele ýüz urýan adamlar Çendleriň ýagdaýyna gaty gowy düşüner. Ynha, indem birkemsiz, aňrybaş geýnüwli jenap Çendler kireýne ýaşaýan otagyndan basgançaklar bilen ynamly aşak düşüp barýardy. Onuň agras keşbi Nýu- Ýork gijelerinde keýp çekmäge barýan zynatly hem abraýly gurnaklaryň hakyky agzasyny ýatladýardy.
Hepdede on sekiz dollar gazanýan Çendler bir binagäriň edarasynda işleýärdi. Ýigrimi iki ýaşyndady, binagärçiligi hakyky sungat hasaplaýardy. Iňňän belent, ütüge meňzeş Fletaýron Bildiň binasynyň owadanlyk babatda Milandaky baş ybadathanadan pes gelýändigini gaty gowy bilse-de, muny bärde aýtmaga gaýraty çatmazdy.
Çendler özüniň her hepdedäki gazanjyndan bir dollar aýryp goýýardy. Her onunjy hepdäniň ahyrynda-da diş-dyrnak bolup toplanja puluny bir agşamy begzadalarça şadyhorramlykda geçirmäge sarp edýärdi. Millionerleriňdir ýolbaşçylaryň resmi nyşanlaryny dakynyp, şäher durmuşynyň gaýnap joşýan ýerine baryp, uly lezzet bilen agşamlyk edinýärdi.
Kisesi on dollarly kişiniň keşbini sanlyja sagadyň dowamynda ussatlarça ýerine ýetirip bilýärdi. Ýanyňda şonçarak puluň bolsa, del tagamlara, ýokary hilli bir çüýşe çakyra, çaý pula, çilime, paýtunça we şuňa meňzeşlere aňryýany bilen ýetýärdi.
Gyzyksyz, birsydyrgyn geçen ýetmiş günden soň zordan ýetilen jadyly agşam onuň üçin tükeniksiz bagtdy. Uly gyzyň abraýly adamlaryň barýan şagalaňyna ilkinji gezek çagyrylmagy onuň ömrüniň iň süýji ýatlamasy bolup galsa, Çendleriň şeýle tolgundyryjy dabaradan alýan lezzeti her on hepdeden gaýtalanýardy, özem hemişe edil ilkinji gezekdäki ýaly ýakymlydy. Mylaýym sazyň goýnunda. palmalaryň astynda, durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan baýlaryň arasynda oturmak — bu zatlaryň ýanynda gyzyň ilkinji walsy, ýukajyk matadan tikilen gysga ýeňli köýnegi dagy nämemiş?!
Çendler Brodweýden dabaraly lybaslylaryň ýöreýşine eýerip gadam urup barýardy. Şu agşam ol hem synçydy, hem-de synlanýandy. Çünki ol şundan soň ýene-de altmyş dokuz gün göwşüllän ýüň penjeginde işçileriň barýan naharhanalarynyň umumy stollarynyň başynda oturmaly ýa-da ýatylýan otagynda gatlamadyr arpa suwy bilen mydar etmeli boljakdy. Ýöne ol şonda- da durmuşyndan nalamaýardy, sebäbi ol keýpihonlaryň şowhunly şäheriniň hakyky ogludy. Adamlaryň ünsüni çekmekden alýan ýakymly duýgusynyň täsirinde geçirilen bir agşam, tümlükde geçirilen gijeleriň öwezini dolýardy.
Onuň Kyrkynjy köçeden şol ýöräp barşydy. Ahyry ol lezzet almagyň özüne maýyl ediji ýaldyr- ýuldurdan doly ýolunyň şol köçe bilen kesişýän ýerine ýetdi. Gün ýaşyp, iňrik garalyp ugrapdy. Ýetmiş günden bary-ýogy ýekeje gün ýokary gatlaga degişli bolýan bendäniň bu lezzeti uzaga çekdiresiniň gelýändigi düşnüklidi. Adamlaryň içiňden geçip barýan ýiti, gamgyn, bilesigeliji, haýran galyjy, heşelle kakyjy, özüne çekiji nazarlary Çendlere dikilipdi, sebäbi onuň lybasydyr boý-syraty keýpi-sapanyň muşdagydygyndan habar berýärdi.
Ýaňyja duşundan geçip gaýdan, şagal mesligini edip, pul baryny sowrup, najraşyp oturanlaryň şagalaňly restoranyna dolanmalymy ýa-da başga birine barmalymy diýip, bir gyrada ikirjiňlenip aýak çekdi. Edil şol pursadam çalasyn ädimler bilen ýöräp barýan bir gyzyň sürçek ýerde aýagy taýdy-da, ýanýoda gürpüldäp gaýtdy. Çendler haýal etmän, örän salykatlylyk bilen oňa ýerinden turmaga tekge berdi.
Gyz agsaklap, diwara golaý bardy-da, oňa ýaplanyp durşuna, ýygralyk bilen ýigide minnetdarlygyny bildirdi.
— Topugymy agyrdaýdym öýdýän, ýykylamda burlan borly...
— Gaty agyrtdyňyzmy? — diýip, Çendler sypaýyçylyk etdi.
— Agramymy atsam agyrýa. Birsalymdan ýöremäge ýararyn-la.
— Näme kömek gerek? — Belki, paýtunçyny çagyrmalydyr ýa-da bolmasa...
— Sag boluň, azara galyp durmaň. Özüm bir tagaşyksyz-da, ýogsa köwşümiň ökjelerem düz- le, olardanam däl... — diýip, gyz pessaý, ýöne ýürekden gürledi.
Çendler gyza göz aýlanda, onuň özüne çekijidigini duýdy. Ol sypaýydan näzikdi, gözleri mähirden doludy. Özem satyjy gyzlaryň geýýän eşigine meňzeş arzandan sadaja gara köýneklidi. Mahmal talas bilen bezelen sypal başgabynyň eteginden öwşün atyp duran burum-burum goýy-goňur saçlarynyň towlary görünýärdi. Ol özüne hormat goýup bilýän, edepli, işçi gyzyň taýsyz nusgasydy.
Birden ýaş binagäriň kellesine üýtgeşik bir pikir geldi. Häziriň özünde bu gyzy nahara çagyrmak isledi. Ine, bu onuň ýetmiş günden gaýtalanýan ajaýyp, ýöne ýalňyzlykda geçirýän meýlislerine ýetmez zatdy. Ol gysga pursatlyk jalaýlygyny gyz bilen geçirse, iki esse ýakymly boljakdy. Öňünde asylly gyzyň durandygy şübhesizdi. Onuň özüni alyp barşy, gepleýşi muny aýdyp durdy. Gyzyň sadaja keşbine garamazdan, onuň bilen bir stolda oturmak Çendler üçin uly bagtdy.
Şeýle pikirleri kellesinde aýlan Çendler oňa mürähet etmegi ýüregine düwdi. Elbetde, munuň özi edep-terbiýäniň çygryndan çykýardy, aslynda, öz aýlygyna ýaşap ýören gyzlar beýle zatlara köplenç üns hem bermeýärdiler. Onsoňam olar erkek kişileriň häsiýetine beletdi. Şonuň üçinem gep-gürrüňden daşrak bolanlaryny kem görenokdylar. On dollaryny tygşytly sowan ýagdaýynda, ikisine-de nahar başynda wagtlaryny örän hoş geçirmäge mümkinçilik dörejekdi. Bu agşamlygyň gyzyň tukat durmuşynda-da täsirli waka boljakdygy şübhesizdi, onuň çyn ýürekden çykjak minnetdarlygy bolsa, oňa ýene-de ýakymly pursat döretjekdi.
— Men-ä aýagyňyza pikir edişiňizden has uzagrak dynç bermelimikä diýýän... Size teklibim bar. Aslynda, men agşamlyk şamyna ýeke barýadym, şoňa bile gidäýsek niçik görýäňiz? Arkaýynlykda iýip-içeris, gürleşeris, oňa çenli topugyňyzyň agyrysam geçer, öýüňize-de kösenmän bararsyňyz.
Gyz Çendleriň şadyýandan nurana ýüzüne nazar aýlady. Onuň gözleri uçganaklap gitdi, soňam ýürekden ýylgyrdy.
— Biri-birimizi tanamaýan halymyza, beýtsek gelşiksiz bolmazmy? — diýip, gyz ýaýdanjaňlyk etdi.
— Gelşiksiz bolup-bolmaz ýaly nämesi bar?! — diýip, ýigit açykgöwünli dillendi. — Rugsat berseňiz, özümi tanyşdyraýyn — jenap Tawers Çendler. Siz üçin mümkingadar ýakymly etjek bolýan şamlyk naharymyzdan soň, gijäňiziň haýyrly bolmagyny, hoş galmagyňyzy dilärin ýa- da bolmasa isleýän gapyňyza çenli ugradaryn.
Çendleriň birkemsiz lybaslaryna göz aýlan gyz:
— Eý, Hudaý, şu ýagdaýymdamy?! — diýip, ýene ikirjiňlendi. — Köne köýnekde, köne başgapda.
— Bu zatlar hiç-le — diýip, Çendler şähdaçyk dillendi. — Ynanaýyň, siz şu geýimiňizde-de şol ýerde oturan kaşaň geýnen zenanlardan has ajaýyp görünýäňiz.
Gyz agsaklap ätdi-de:
— Topugym entegem agyrýa — diýdi. — Görýän welin, çakylygyňyzy kabul etmeli boljak öýdýän, jenap Çendler. Siz maňa hanym Merian diýip ýüzleniberiň.
— Onda gideli, hanym Merian — diýip, ýaş binagär şadyýan, ýöne juda sypaýylyk bilen dillendi. — Kän ýöremeli bolmarys. Öňümizdäki binada köp kişiň ýöriteläp barýan kaşaň restorany bar. Egnime ýaplanyň, ynha, indi şeýdip howlukmanjyk ýöräbereris. Ýeke özüň agşamlyk edinmek gaty ýürekgysgynç bolýa. Ýykylanyňyza, dogrusy, begenmänem duramok. Olar kaşaň bezelen stoluň başyna geçenlerinde, hyzmatçy kökenek bolup ugrady. Çendler hem ýokary gatlakdaky adamlaryň arasyna düşende döreýän her gezekki hakyky şatlyk duýgusyny başdan geçirýärdi.
Bu restoran onuň Brodweýiň çetindäki gowy görýän restoranyça ýokdy, ýöne ondan känbir pesem däldi. Stollaryň başy naharlanyp oturan gurpluja kişilerden doludy, oturanlaryň söhbetdeşligi has lezzetli bolar ýaly orkestr ýuwaşlyk bilen saz çalýardy, getirilýän tagamlardyr edilýän hyzmatdan nägile bolar ýaly däldi. Onuň garşysynda oturan zenan pukaraja köýnekdir başgaply bolsa-da, özüni şeýlebir mertebeli alyp barýardy welin, munuň özi, ýüz-gözüniň, syratynyň tebigy gözelligine gözellik goşýardy. Agras keşpli Çendleriň sada, joşgundan ýaldyrap duran gök gözlerine haýran galyp seredýändigi onuň eýjejik ýüzünden bildirip durdy.
Birdenem manhettenlileriň göçgünliligi, men-menligi, badyhowalygy, öwünjeňligi Tawers Çendleriňem erkini elinden alyp başlady. Ol häzir Brodweýdedi, daşyny bolsa bezemenlik gurşap alypdy, Çendlere seredýän gözlerem köpdi. Şeýle ýagdaýda ol ýeke gün ýaşaýan kebelek ýaly, gyltyma kowalaşýanlaryň we işýakmaz meýlissöýerleriň keşbini oýnasy gelip içi byjyklap durdy. Onuň eşiklerem sypatyna gelşip durdy. Ony indi hiç bir güýç saklap biljek däldi. Şeýdip, ol gumaklar, oturylyşyklar, golfdur atly gezelençler, tohum itlerdir kotilýon tanslary, daşary ýurda syýahatlary barada ýaňrap başlady, hatda Larçmontda ýahtasynyň bardygynam gepiniň arasynda ýaňzydyp goýberdi. Bu warsakylaryň gyza täsir edip başlandygyny gören Çendleriň kellesi gyzdy. Ol indi depseň-deprenmez ymgyr kän baýlygynyň gürrüňini etdi, uly-uly wezipeli adamlaryň atlaryny hem agzap geçdi.
Bu agşam diňe Çendleriňkidi. Şonuň üçinem ol şeýle agşamyň eçilýän datly lezzetinden gerk-gäbe ganmak isleýärdi, ýöne gözlerini gamaşdyrýan men-menlik dumanyna garamazdan, gyzyň tämiz ýüreginiň bardygyna göz ýetiripdi.
— Durmuşyňyz juda biweç hem maksatsyz görünýä. Ýogsa-da siz nähilidir bir iş bilen meşgullanaňzokmy? — diýip, gyz sorady.
— Gadyrly hanym Merian! — diýip, ol kesgitli gürledi. — Iş diýýäňizmi? Pikir edip görüň, her gün günortanky nahara geýnip, alty ýere dagy myhmançylyga barmaly, üstesine-de, eşek arabasynyň tizliginden geçseň, her çüňkde polisiýa işgärleri ulagyňa böküp, bölüme äkitjek bolşup dyzaşyp durlar. Biz, «bikärler» dünýäde iň işli adamlardyrys.
Agşamlyk tamamlanypdy, hyzmatçy bolsa jomartlyk bilen sylaglanypdy. Olar restorandan çykyp, ilkinji tanşan ýerlerine çenli ýörediler. Hanym Merian indi gaty gowy ýöreýärdi, onuň agsaklaýany-da bildirenokdy.
Gyz çyny bilen:
— Hoş geçiren wagtymyz üçin örän minnetdar — diýdi. — Indi öýe baraýyn. Maňa agşamlyk nahary gaty ýarady, jenap Çendler.
Ýaş ýigit ýürekden ýylgyryp, gyzyň elini gysdy-da, gumakdaky brij oýny barada ýene bir zatlar samrady. Ol gyzyň gündogara tarap ädimini çaltlandyryşyna birsalym seredip duransoň, paýtun tutup, howlukman öýüne ugrady.
Özüniň çygly otagynda Çendler agşamky dabaralara geýýän geýimlerini ýene altmyş dokuz gün ýatmaly ýerinde ýygşyryp goýdy-da, bolup geçen waka barada oýlandy.
«Ol gaty täsin gyz eken! Işçi gyzdygyna garamazdan, örän asyllydygy gömüp dur. Wah, şol boş gürrüňlere derek hakykaty aýdan bolsadym, onda biz hasam... Päheý-de weli! Öz lybaslaryma görä hereket etmeli boldum-da».
Manhetten taýpasynyň wigwamlarynda doglup, şo taýda terbiýe alan bu gahryman şeýle pikirlere mübtelady.
Ýigit bilen hoşlaşan gyz bolsa şäheriň o çetine haýdap ugrady. Gündogara ýöräp, ýaşaýyş jaýlar toplumynyň ikisini yzda goýansoň, Nýu-Ýorkda ikinji hudaýlar hasaplanýan baý gatlagyň ýaşaýan köçesiniň başyny başlaýan kaşaň jaýyň howlusyna girdi. Soňra jaýyň gapysyny açdy-da, nepis öý köýneginde penjirä aladaly garap duran owadan ýaş gyzyň ýanyna bardy. Ol:
— Wah, sen kelesaň! — diýip, aýal dogany Meriany görenden sesini gataltdy. — Haçan sen bizi şeýdip gorkuzmaňy goýjak?! Şu horaşa eşiklerde, Meriniň başgabynda ylgap gideniňden bäri iki sagat geçdi. Ejem şeýlebir alada etdi welin, ol Luisi ulagly yzyňdan ugratdy. Ýakymsyz, samsyjak gyz!
Gyzlaryň ulusy düwmäni basdy welin, şobada hyzmatkär gyz peýda boldy.
— Meri, ejeme hanym Merianyň gelendigini aýt.
— Gatyrganma, doganjygym. Men hanym Teonyň ýanyna gitdim, gülgüne talasyň deregine melewşe reňklisini goýmagyny tabşyrdym. Bu köýnek Meriniň başgaby bilen bilelikde tüýs ýerine düşäýdi. Hemmeler maňa satyjy gyzdyr öýdendir.
— Mähribanym, agşamlyk eýýäm edildi, sen gijä galdyň.
— Bilýän, ýanýodada typyp, topugymy agyrtdym. Ýöräp bilmämsoň, restoranlaň birine girip, ýagdaýym gowulaşýança garaşdym. Şoň üçinem eglendim.
Iki gyz penjiräniň öňünde oturyp, awtoulaglaryň üznüksiz akymyny synlady. Kiçisi uýasynyň dyzyna kellesini goýup gysmyljyrady.
— Bir nesibeli gün ikimizem durmuşa çykmaly borus — diýip, ol äwmezlik bilen dillendi. — Biziň şeýlebir pulumyz kän welin, iliň gözi bizde... Nähili oglana durmuşa çykasymyň gelýänini aýdaýynmy, doganjygym?
— Aýdyber, guşkelle — diýip, ulusy ýylgyrdy.
— Mähirli, mawy gözli, pukara gyzlar bilen özüni sypaýy, salykatly alyp barýan, syratly, rehimli, söýgini güýmenje hasaplamaýan adamy söýerdim. Ýöne öňünde anyk maksady bar bolan ýa-da elinden bir iş gelýän ýigide göwün bererdim. Oňa maksadyna ýetmäge kömek edip bilsem, garyplygyna seretmezdim. Ýöne, doganjygym, biziň görýän erkek kişilemmiziň barysy meýlislerdir gurnaklaryň aralygynda kaňkap ýören bikärler. Olaň gözleri mawy bolsa- da, köçede tanşan pukara gyzlaryna hormat bilen ýüzlenýän bolsa-da, beýle kişini söýüp bilmerin.


Iňlis dilinden terjime eden AÝLAR ŞYHLYÝEWA

Ceshme Elifin bukjasyndan .

Edebiýat, Elif tarapyndan 22.04.2022ý, 04:22

Meň alan çeşmäm: http://islenen.site/15916-o-henri-yetmi-gune-duryan-bir-yalan-gije.html

Edebiýat, Tiko tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir