Elf - gadymy we Orta asyrlaryň Ýewropasynda dörän köpsanly rowaýatlaryň we gürrüňleriň esasynda, ýa-da hakykatdanam bolup geçen wakalara daýanan barlyklara berilen atdyr.
Elf mifologiýasyna ýakyndan synlanymyzda Tolkieniň guran mifologiýasynyň Taňrysy Erunyň ýaradan Taňryýetçilik barlyklara ýagny, başgaça Walara (Vala) garşy baş galdyrandyklary sebäpli Walaryň Jennet bakçalaryndan kowulýarlar.
Munuň sebäbi bolsa elf Feanor Walar tarapyndan ýaýradylan iki bagyň ýeketäk yşyklarynyň bir parçasyny bir maddanyň içine salyp döreden genji göwherler bolan Silmarilleri döredýär.
Ogullaryndan başga hiç kim ol zatlara el degirmäge milt etmändir we Silmariller hakynda gürrüň açylaýsa ol erbet gazaplanypdyr. Melkoruň (Feanor oňa Morgot adyny dakýar) Walaryň Silmarilleri almak isleýändigini aýdyp gižželän Feanor kabir elfler bilen birlikde Walara garşy aýaga galýar.
Şondan soň elfler Walar tarapyndan näletlenýärler. Gündogardaky Orta-dünýä topraklaryna Melkor bilen söweşmäge gidýär we uzaga çeken söweşlere seretmezden Silmarilleri ýeňip bilmeýär. Fingolfin Feanor we ogullary, Turgon, Thingol ýaly patyşalar Melkor bilen bolan söweşde öldirilýär.
Earandiliň Günbatara tarap ýörüýşe çykýança Ýer ýüzüniň häkimiýetini eline alan Melkor Earendiliň Noldoryň (kowulan elf halky) adyndan haýyş edeninde Walar we Günbataryň elfleri tarapyndan ýeňlişe sezewar bolýar we elfler bol-telkilikde, azat durmuşa gowuşýarlar. Ýöne olaryň bu günleri uzaga çekmeýär. Öňler ýeketäk Wala bolan Aule hyzmat edip soňra günleriň birinde Melkora gulluk eden Sauron Melkoruň ýeňilşinden soňra gizlin planlary amala aşyrýar. Melkoruň ýeňilşinden soň Sauron Walardan günäsiniň geçmegini soraýar, ol hem ony bagyşlaýar. Mandos bolsa muny göwnemese-de sesini çykarmaýar.
Sauronyň ikiýüzliligi we haýynlygy hakynda şeýle gürrüňler bar: Noldoryň Orta Dünýäsindäki patyşalygy Eriagonly demirçi elfler bilen gatnaşygy berkidýärler. Olara üýtgeşik zatlary öwredýär we olardan jadyly ýüzük zikgelemegi öwrenýär.
Soň bolsa ogryn-dogryn planlan arzuwlaryna ýetmek üçin haýynlyk edip beýleki ýüzükleriň we ýüzükleri ulananlaryň üstünden häkimýet gurmak üçin ýeketäk ýüzügi ýasaýar.
Elfler bilen adamlaryň ýaranlygynda, Ýeke täk ýüzügiň üstünde turan gandöküşikli söweş Sauronyň ýeňilmegi bilen tamamlanýar.
Ýöne ýüzük entegem ýok edilenokdy. Elfleriň käbiri täzeden Walinor şäherine deňiz üsti göçýärler. Az bölegi bolsa Kuýtu tokaýlygy, Aýryk jülgesine we Mitlontda ýerleşýärler.
Ýeketäk ýüzük soň wagtyň geçmegi bilen täzeden orta çykýar. Uruş ýene täzeden başlaýar. Soňunda ýüzük Frodo Baggins tarapyndan ýok edilýär we galan elfler bolsa Günbatara tarap Walinora göçüp barýarlar. Şondan soň bolsa adamzadyň eýýamy başlapdyr.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir